|  
  |  
  |  
Ağustos 31, 2014
 
 
 
 
 
 

4 ýyldan soň 4-nji çempionlyk

07 Aralık 2013, Cumartesi / ,
Add to Google
Aşgabat/“Zaman”Hal­ka­ra türk­men-türk uni­wer­si­te­ti­niň fut­bol to­pa­ry HTTU ýur­du­my­zyň mil­li çem­pio­na­tyn­da no­bat­da­ky ge­zek çem­pi­on di­ýen ada eýe bol­dy. Olar 36-njy tap­gyr­da öz meý­dan­ça­syn­da “Ta­lyp spor­ty” klu­bun­dan 3-0 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, ta­ry­hyn­da­ky 4-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.
 

Çe­ke­le­şik­li ge­çen du­şu­şyk­da ýer eýe­le­ri­ne ýe­ňiş ge­ti­ren pök­gü­le­ri Mu­ham­met As­ta­now (4), Ber­di Şa­my­ra­dow hem-de Hem­ra Aman­mäm­me­dow öz ady­na ýaz­dyr­dy. Şeý­le­lik­de, oç­ko­sy­ny 87-ä çy­ka­ran HTTU 2005-nji, 2006-njy we 2009-njy ýyl­lar­dan soň, ta­ry­hyn­da­ky 4-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Oýun­da 1 pök­gi­ni ady­na ýaz­dy­ran to­pa­ryň ka­pi­ta­ny Ber­di Şa­my­ra­dow üçin bu du­şu­şyk kar­ýe­ra­sy­nyň iň soň­ky oý­ny bo­lup, ol uly fut­bol bi­len hoş­la­şýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Ol oý­nan döw­rün­de mil­li çem­pio­na­ty­myz­da 150-den köp pök­gi­ni to­ra sal­ma­gy ba­şar­dy. 

Mun­dan öň­ki 3 ýy­lyň çem­pio­ny “Bal­kan” bu ge­zek ikin­ji­lik bi­len oň­ňut et­me­li bol­dy. Bu to­par soň­ky tap­gyr­da du­şu­şyk ge­çir­mez­den, 3 oç­ko­ny ga­zan­dy (“Bag­ty­ýar­lyk-Le­bap” to­pa­ry­na teh­ni­ki ýeň­liş be­ril­di) we 36 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça HTTU-dan 1 oç­ko yza gal­dy.

Tap­gy­ryň iň gy­zyk­ly ge­çen du­şu­şy­gyn­da “Ahal” öz meý­dan­ça­syn­da “Al­tyn asyr” klu­bu­ny 5–2 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şyk­da ýer eýe­le­ri­niň adyn­dan Ser­da­ra­ly Ata­ýew (2), Mak­sim Be­lyh (16), Di­dar Ha­jy­ýew (37), Ber­di Hot­dy­ýew (44), Gur­ban An­na­ýew (55), myh­man­lar­dan Ars­lan­my­rat Ama­now (31 p) bi­len Gu­wanç Aby­low (41) ta­pa­wut­lan­dy. Şeý­le-de “Da­şo­guz­dyr” “Merw” jem­leý­ji du­şu­şyk­la­ry­ny öz meý­dan­ça­syn­da ge­çi­rip, iki­si-de gar­şy­daş­la­ryn­dan as­gyn gel­di. “Da­şo­guz” “Şa­ga­dam­dan” 1–0 ha­sa­byn­da utu­lan bol­sa, “Aş­ga­bat” “Mer­wi” 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di.

Iň köp pök­gi ge­çi­ren­le­riň sa­na­wy­da “Bal­kan” to­pa­ry­nyň hü­jüm­çi­si Mäm­me­da­ly Ka­ra­da­now il­kin­ji or­ny eýe­le­di. Ez­ber hü­jüm­çi 26 pök­gi­ni to­ra gi­riz­di. On­dan 3 sa­par az ta­pa­wut­la­nan HTTU-ly Sü­leý­man Mu­ha­dow 2-nji (23 pök­gi), 22 to­py öz ady­na ýaz­dy­ran El­man Ta­ga­ýew (“Aş­ga­bat”) 3-nji ýe­re my­na­syp bol­dy.

22-nji ge­zek ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol çem­pio­na­tyn­da “Kö­pet­dag” 6 sa­par ýe­ňi­ji bol­dy (1992, 1993, 1994, 1995, 1997–98, 2000). Mun­dan öň 4 ge­zek çem­pi­on bo­lan “Ni­sa” (1996, 1998–99, 2001, 2003) we “Bal­kan” (2004, 2010, 2011, 2012) to­par­la­ry­nyň ha­ta­ry­na HTTU (2005, 2006, 2009, 2013) hem go­şul­dy. “Aş­ga­bat” (2007, 2008) to­pa­ry­nyň 2, şol san­da “Şa­ga­da­myň” (2002) 1 çem­pi­on­ly­gy bar.