|  
  |  
  |  
Temmuz 22, 2014
 
 
 
 
 
 

Rowaçlyga eltýän ýollar

02 Kasım 2013, Cumartesi / ,
Add to Google
Ata Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 22 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­ni­len gün­le­rin­de äh­lumu­my In­ter­net ul­ga­myn­da “Türk­me­nis­ta­nyň de­ňiz-söw­da flo­tu­na ýe­ne-de bir täze, döw­rebap tan­ker go­şul­dy”, “Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra awia­li­ni­ýa­la­ry­nyň sa­ny art­ýar”, “Aş­ga­ba­da täze de­mir ýol wa­gon­la­ry­nyň no­bat­da­ky tap­gy­ry gel­di”, “Ýe­ne-de bir döw­re­bap aw­to­mobil ýo­ly açyl­dy” di­ýen söz­ba­şy­ly mag­lu­mat­la­ra dün­ýäniň oky­jy­lar köp­çü­li­gi, şol san­da halka­ra syn­çy­la­ry, işe­wür to­par­lar ta­ra­pyn­dan has içgin üns be­rdi.
 

Ola­ryň pi­ki­ri­ne görä, türk­men döw­le­ti­niň ýur­duň üs­ta­şyr ge­çir­ýän ulag ul­ga­my­nyň kuw­wa­ty­ny ös­dür­mek ug­runda­ky iş­jeň­li­gi Türk­me­nis­ta­ny, şeý­le hem tu­tuş se­bi­ti ös­dür­mek­de aý­gyt­laý­jy ugur­la­ryň bi­rine öw­rül­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň be­lent mün­be­rin­den çy­kyş eden­de, ulag ara­gat­na­şy­gy­nyň dür­li ugur­ly dü­zü­mi­ni dö­ret­me­giň se­bi­tiň örän uly yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyl­ma­gy­na, şun­luk­da, pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne, dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan yzy­gi­der­li ösü­şiň ga­za­nyl­ma­gy­na ýar­dam ber­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Türk­men Li­de­ri mu­nuň se­bit­dä­ki ýurt­la­ryň äh­lu­mu­my yk­dy­sa­dy ösü­şe üs­tün­lik­li go­şu­lyş­ma­gy­na, ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň akym­la­ry­nyň üp­jün edil­me­gi­ne güýç­li iter­gi ber­jek­di­gi­ni hem-de Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de yk­ly­ma­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek bi­len bag­ly­lyk­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ni nyg­ta­ýar.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan öz­gert­me­le­riň çäk­le­rin­de ulag dü­zü­mi­ni düýp­li hem-de top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak­da we ös­dür­mek­de uly möç­ber­li tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak do­wam et­di­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de yk­ly­myň mö­hüm äh­mi­ýet­li söw­da ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da üs­ta­şyr ge­çi­ri­ji kuw­wat­ly ul­ga­my dö­ret­mek iş ýü­zün­de bi­reý­ýäm ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­ňa de­mir ýol­la­ry­nyň we hal­ka­ra de­re­je­li ga­ra­ýol­la­ryň müň­ler­çe ki­lo­met­ri­niň çe­kil­me­gi hem-de tas­la­ma­la­ry­nyň dü­zül­me­gi, tä­ze de­ňiz we ho­wa ýol­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy we he­re­ket ed­ýän­le­ri­niň dur­ku­nyň tä­ze­le­n­me­gi aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Türk­me­nis­tan­da uly aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň ul­ga­my­nyň do­lu­ly­gy­na dur­ku­nyň tä­ze­le­nip, äh­li ze­rur ýol dü­züm­li tä­ze we ýo­ka­ry tiz­lik­li ýol­la­ryň gu­rul­jak wag­ty in­di daş­da däl­dir. Hä­zir­ki wagt­da çe­kil­ýän trans­mil­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­me­gi, ola­ryň esa­sy hä­si­ýet­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.

Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

“De­mir­ga­zyk–Gü­nor­ta” ulag ge­çel­ge­si­niň dö­re­dil­me­gi şu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan has uly we mö­hüm äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ryň bi­ri­dir, ol Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň ara­syn­da­ky köp­rä öw­rül­me­li­dir, ulag üçin we beý­le­ki ha­ra­jat­la­ryň ep-es­li azal­dyl­ma­gy­na, yk­ly­myň çäk­le­rin­de ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam be­rer. Mun­dan baş­ga-da bu de­mir ýo­ly Ýew­ro­pa­da­ky we Azi­ýa­da­ky ýurt­la­ra Gü­nor­ta Azi­ýa, Pars aý­la­gy­nyň port­la­ry­na yk­dy­sa­dy taý­dan amat­ly ýol bol­ma­ly­dyr. Şu ugur ar­ka­ly üs­ta­şyr ge­çi­ril­ýän ýük­ler Hin­di um­ma­nyn­da­ky we Pars aý­la­gyn­da­ky ýurt­lar­dan Eý­ra­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Rus­si­ýa­nyň üs­ti bi­len De­mir­ga­zyk we Gü­nor­ta Ýew­ro­pa­da­ky ýurt­la­ra da­şa­lar. Mu­nuň özi Su­es ka­na­ly­nyň üs­ti bi­len geç­ýän ýol­dan üç es­se gys­ga­dyr. Diý­mek, “De­mir­ga­zyk–Gü­nor­ta” ge­çel­ge­sin­de da­şa­mak has amat­ly­dyr.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýy­lyň ma­ýyn­da bu hal­ka­ra de­ňiz ýo­lu­nyň türk­men–ga­zak bö­le­gi­niň ulan­ma­ga ber­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek, onuň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew gat­naş­dy­.

Türk­me­nis­tan–Ow­ga­nys­tan–Tä­ji­gis­tan de­mir ýo­ly hem Azi­ýa se­bi­tin­dä­ki döw­let­le­riň ara­syn­da hal­ka­ra ulag gat­naw­la­ryn­da wa­jyp äh­mi­ýet­li bö­le­ge öw­rül­me­li­dir, şo­nuň bi­rin­ji no­bat­da­ky­sy­nyň – Ata­my­rat–Ymam­na­zar-Aki­na türk­men–ow­gan bö­le­gi­niň gur­lu­şy­gy­na şu ýy­lyň iýu­nyn­da ba­dal­ga be­ril­di.

Se­bit­de, gel­jek­de hem hal­ka­ra ulag dü­zü­mi­niň bu mö­hüm äh­mi­ýet­li bö­le­gi ha­sap­lan­ýan de­mir ýo­luň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy­na ba­gyş­la­nan da­ba­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýur­du­my­za iş sa­pa­ry bi­len ge­len Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ha­mid Kar­zaý we Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon gat­naş­dy.

Ata­my­rat–Ker­ki­çi de­mir ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­le­ri­niň ulan­ma­ga be­ril­me­gi Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň çäk­le­rin­den geç­ýän se­bit hem-de se­bi­ta­ra ulag ýol­la­ry­ny dö­ret­mek­de we ne­ti­je­li ulan­mak­da mö­hüm ädi­me öw­rül­di.

Soň­ky ýyl­lar­da de­mir ýo­luň önüm­çi­lik dü­zü­mi döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar: tä­ze kär­ha­na­lar gu­rul­ýar, tä­ze teh­no­lo­gik ul­gam­lar sa­tyn alyn­dy, he­re­ket ed­ýän dü­züm­ler teh­ni­ki taý­dan tä­ze­den üp­jün edil­di we ola­ryň kuw­wat­lyk­la­ry köp es­se art­dy. Wa­gon­la­ryň we lo­ko­mo­tiw­le­riň uly tap­gy­ry sa­tyn alyn­dy. Bu­la­ryň äh­li­si bat­ly dep­gin bi­len ös­ýän mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de köp wagt­lap ula­ny­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 22 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da tä­ze döw­re­bap wa­gon­la­ryň no­bat­da­ky tap­gy­ry­nyň gel­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

Deňiz porty kuwwatlanýar

Türk­me­nis­ta­nyň de­ňiz ar­ka­ly ýo­lag­çy we ýük gat­naw­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne Mer­ke­zi Azi­ýada­ky we Ha­zar deň­zi­niň se­bi­tin­dä­ki ýurt­la­ryň hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­nyň ul­ga­myna do­ly möç­ber­de go­şu­lyş­ma­gy­nyň möhüm şer­ti hök­mün­de ga­ral­ýar. Hä­zir­ki wagtda Türk­men­ba­şy şä­he­rin­dä­ki hal­ka­ra de­ňiz por­ty se­bit­de üs­ta­şyr ge­çi­ri­ji mö­hüm bö­le­giň we­zi­pe­le­ri­ni eý­ýäm ber­jaý ed­ýär. Ýa­kyn ýyl­lar­da bol­sa Ha­za­ryň ke­na­ryn­da äh­li öl­çegde di­ňe bir Türk­me­nis­ta­nyň däl-de, tu­tuş Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň esa­sy de­ňiz der­we­ze­si­niň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne la­ýyk gel­ýän tä­ze port ke­ma­la ge­ler.

Türk­men­ba­şy­da­ky tä­ze hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň tas­la­ma­sy gä­mi, ýo­lag­çy we ýük ter­mi­nal­la­ry­ny gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Ha­ky­ka­ty­na ga­ra­nyň­da, gür­rüň Mer­ke­zi Azi­ýa, Ha­zar deň­zi­niň se­bi­tin­dä­ki döw­let­le­ri Za­kaw­ka­zi­ýa we Ga­ra deň­zi se­bi­t bi­len bag­la­nyş­dyryp, şon­dan aň­ryk Tür­ki­ýä we Ýew­ro­pa­da­ky ýurt­la­ra çyk­ýan tä­ze geoyk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­giň düý­bü­niň tu­tul­ýan­dy­gy ba­ra­da gid­ýär. Şeý­le hem bu tas­la­mada gü­nor­ta we gün­dogar ugur­lar ar­ka­ly Hy­taý, Hin­dis­tan, Pa­kis­tan, Azi­ýa–Ýu­waş um­man se­bi­ti ýa­ly iri yk­dy­sady mer­kez­le­re çyk­ýan ulag dü­zü­mi­ni gi­ňelt­me­giň gel­jek­ki müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň özi has do­ly möç­ber­de hyz­mat­daş­lyk edil­me­gi­ni aň­la­dyp, äh­lu­mumy geoyk­dy­sa­dy äh­mi­ýet­de tä­ze­çe pi­kir­le­ni­şiň, yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň stra­te­gi­k gel­je­gini göz öňün­de tut­ma­gyň göw­ne­jaý nus­ga­sy bo­lup dur­ýar.

Tä­ze por­tuň top­lu­my­na umu­my ýük ýük­leý­ji ter­mi­nal, ür­gün gör­nüş­dä­ki ýük­le­riň ter­mi­naly, şeý­le hem gä­mi gu­ru­jy we gä­mi­le­ri abat­laý­jy za­wod­lar gi­rer. Tä­ze de­ňiz por­ty howpsuz­ly­gy üp­jün et­mek hem-de na­wi­ga­si­ýa­nyň we ýük­le­ri da­şa­ma­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak, şeý­le hem daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak üçin ze­rur bo­lan döw­re­bap en­jam­la­ýyn top­lum­lar bilen üp­jün edi­ler. Por­tuň çä­gin­de gä­mi­le­riň ýü­zü­şi­ne, äh­li ýer­ler ýük ýük­le­mek – ýük düşür­mek iş­le­ri­ne gö­zeg­çi­lik et­mek hem­ra, aw­to­ma­ti­k en­jam­la­ryň we elekt­ron teh­no­lo­giýa­la­ryň kö­me­gi ar­ka­ly ama­la aşy­ry­lar.

Şeý­le hem ýa­kyn gel­jek­de Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de döw­re­bap de­ňiz men­zi­li gur­lar, şon­da ýo­lag­çy­lar üçin äh­li amat­lyk­ dö­re­di­ler.

Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Türk­me­nis­ta­nyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 22 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy-nyň öňü­sy­ra­syn­da Türk­men­ba­şy­da­ky hal­ka­ra de­ňiz por­tu­na ne­bit gu­ýul­ýan “Ala­ja” tan­keri gel­di, ol Türk­me­nis­ta­nyň bu­ýur­ma­sy arkaly Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Nižnyý Now­gorod şä­he­rin­dä­ki gä­mi gu­ru­jy “Kras­no­ýe Sor­mo­wo” za­wo­dy­nyň gä­mi us­sa­ha­na­syn­da gu­rul­dy. Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let de­ňiz we der­ýa ulag­la­ry gul­lu­gy­nyň yg­ty­ýaryn­da şu­nuň ýa­ly gä­mi­le­riň eý­ýäm al­ty­sy bar. Ýa­kyn gel­jek­de bu gul­lu­gyň yg­ty­ýa­ry­na awto­mo­bil–ýo­lag­çy gat­naw­la­ry üçin ni­ýet­le­nip, Hor­wa­ti­ýa­nyň gä­mi us­sa­ha­na­la­ryn­da gur­lan “RO–PAX” ky­sym­ly gä­mi­le­riň ýe­ne-de iki­si, şeý­le hem beý­le­ki gä­mi­ler ge­lip gow­şar.

Raýat awiasiýasy döwrebaplaşýar

Ýur­du­my­zyň içer­ki, şeý­le hem hal­ka­ra ugur­la­rynda ýo­lag­çy­la­ryň we ýük­le­riň gat­nawla­ry­ny ama­la aşyr­mak­da mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň dü­zü­mi­ni döw­rebap­laş­dyr­mak we teh­ni­ki taý­dan täze­den üp­jün et­mek ulag ul­ga­myn­da tap­gyr­la­ýyn dur­muşa ge­çi­ril­ýän uly möç­ber­li me­ýil­na­ma­la­ryň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. “Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat awia­si­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2012–2030-njy ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma” in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, döw­re­bap inžener­çi­lik-teh­ni­ki oý-pi­ki­riň hem-de dün­ýä­de top­la­nan oňyn tej­ri­bä­niň ula­nyl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len, şun­da tä­ze ho­wa men­zil­le­ri­ni, ter­mi­nal­la­ry, inžener-teh­ni­ki mak­sat­ly des­ga­la­ry gur­mak hem-de he­re­ket ed­ýän­le­ri­niň dur­ku­ny tä­ze­le­mek, ök­de hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak, döw­re­bap uçar­la­ry we beý­le­ki teh­ni­ka­la­ry sa­tyn al­mak, tä­ze içer­ki awia­li­ni­ýa­la­ry hem-de yk­dy­sa­dy taý­dan amat­ly ugur­larda hal­ka­ra ulag gat­naw­la­ry­ny aç­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.

Şol mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de uly tas­la­ma­ny ama­la aşyr­mak, ýag­ny şu ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­len tä­ze hal­ka­ra ho­wa men­zi­li yk­lym­da we yk­ly­ma­ra awia-gat­naw­lar­da üs­ta­şyr ge­çi­ri­ji iri no­ka­da öw­rüler. 2009-njy ýyl­da Ma­ry şä­he­rin­de tä­ze ho­wa men­zi­l top­lu­my, 2010-njy ýyl­da Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň hal­ka­ra ho­wa men­zili açyl­dy. Le­bap we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ry­nyň do­lan­dy­ryş mer­kez­le­rin­dä­ki ho­wa du­ral­ga­lary döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” döw­let mil­li gul­lu­gy­nyň awia­par­ky dünýä­de öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň taý­ýar­lan uçar­la­ry­nyň we di­ku­çar­la­ry­nyň ha­sa­by­na üp­jün edil­ýär. Di­ňe bir şu ýy­lyň ma­ýyn­da we iýu­nyn­da ýur­du­my­zyň uçar­man­la­ry­nyň yg­tyýa­ry­na tä­ze “Boeing–737–800” uçar­la­ry­nyň iki­si we döw­re­bap di­ku­çar­la­ryň iki­si ge­lip gowuş­dy.

Ga­ly­ber­se-de, şu ýyl­da Lwow we Do­nesk şä­her­le­ri­ne tä­ze gat­naw­la­ryň açyl­ma­gy­nyň hasa­by­na bu Döw­let mil­li gul­lu­gy­nyň hal­ka­ra de­re­je­li uçuş­la­ry ama­la aşyr­ýan ugur­la­ry art­dy. De­kabr­da ýe­ne-de bir tä­ze ugurda, ýag­ny Pa­riž şä­he­ri­ne uçuş­la­ry ýo­la goý­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.

Şeý­le­lik­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Açyk ga­pylar” sy­ýa­sa­ty­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň köp ýurdu­nyň işe­wür to­par­la­ry bi­len giň we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ýaý­baň­lan­dy­ryp, ha­ryt­lar we teh­no­lo­gi­ýa­lar ba­bat­da has oňaý­ly şert­le­ri dö­red­ýär, mu­nuň özi ulag dü­zü­mi­ni ös­dür­mek ug­run­da­ky iş bi­len bir­lik­de, yk­lym­da­ky söw­da ýol­la­ry­nyň mö­hüm çat­ry­gyn­daky ýur­du­my­zyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den giň­den peý­da­lan­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

(TDH).