|  
  |  
  |  
Ekim 02, 2014
 
 
 
 
 
 

Baş baýragyň eýesi

23 Eylül 2008, Salı / ,
Add to Google
Türkmeniň aýdym-saz sungatynyň läheňleriniň biri meşhur Sary bagşy: “Türkmeniň aýdym-sazy börüňňildäp ýatan akabadyr, azabyny çekmeseň ondan saňa agyz suwam ýetmez” diýipdir. Bu aýdylan jaýdar jümle sazyň piri Babagammaryň senedini eline alyp, aýdym-saz äleminiň namazlyk deýin halal dünýäsine gadam goýan bagşy-sazandalaryň nähili azaplar çekmelidigini ýatladýan aýdyň hakyda.
 

Könelerimiz “Yhlas, azap üstünlige, rysgal-döwlete, at-abraýa eltýän ýoldur” diýipdir. Her bir işde egeläň eýesi, küreniň söýesi bolmak üçin owwaly yhlas, azaphonlyk gerek eken.

Bir sapar ýatkeşlik ýaýlasy ýaýlymly meşhur Çuwal bagşydan ýaş şägirtleriniň biri “Halypa, nädeňde halkyň ýüreginde orun alyp bolýar?” diýip sorapdyr. Onda bu sowala türkmeniň saýrak bilbili sadadan düşnükli jogap beripdir: “Gije-de eliň dutarly ýatyp turmaly. Çorek iýeniňde-de bir eliň dutaryň sapynda bolmaly. Azap çekmeli, azap…”

Mary etraplarynda Öde akgaň şägirdi ady bilen tanalýan Sadyk Berdiýew çagalygyndan aýdym-saz äleminiň halal ýoluna baş goşan bagşy. Heniz ol önüp-ösen obasy bolan Ýolöten etrabyndaky “Ýaşlyk” daýhan birleşigindäki orta mekdebiň 1-nji klasyna okuwa gatnap ugran mahaly ýakymly ýag ýasaw sesi bilen türkmen aýdym-sazynyň seleňli sütüni Gurt Ýakubyň nazaryna ilmäni başarypdy. “Bagşy hakyky bagşy boljak bolsa, bokurdagy düwmeli bolmaly. Islendik owazy bokurdagynda gaýnadyp bilmeli. Muňa Allatagalla şol peşgeşi beripdir” diýen halypa bagşy Sadygy tä 5-nji klasa barýança öz ýanyndan örletdi.

Beýik halypanyň ussatlyk mekdebinde taplanyp ugran bagşy oglanjyk halypasy dünýesini täzelänsoň, bu ugurda tä syrçasy synmaz sungat suwy berlen bolýança meşhur halypa Ödenyýaz Nobatyň ýanynda boldy. Beýik halypanyň: “Küti-küti demirem äheňňiriň elinde alowly otda taplanýandyr, guşgunyňy syrdap, yhlas ediberseň, anzawur ýaly ýigit bolup ýetişersiň” diýen sözlerini ozüne pent eden ýaş bagşy aýdym-saz äleminde kem-kemden adygyp ugrady.

Şunlukda, beýik halypasynyň her bir aýdan sözüne eýerip, kämillik käsesi doldy. Diňe bir Mary etrabynda däl, ol türkmen topragynyň niresinde aýdym aýtsa-da, degresi daýaly bolup, töwereginiň egelesi egsilmedi. Ýaş bagşy oglanyň şiresi şirin aýdymlaryndan telwasly kalplar joşa ýetdi. Ol aýdymlar ot ýaly alowly, waharman ýaly gylawlydy.

Diýarymyzda ýaş bagşylaryň arasynda guralýan bäsleşiklerde hemişe ýeňiş gazanmagy, milli teleýaýlymda yzygiderli çykyş edip durmagy Sadyk bagşynyň diňe bir Diýarymyzda däl, onuň çäklerinden daşarda-da tanalmagyna getirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen gözel ilimizde berkarar bolan Beýik Galkynyşlar we çuňňur özgertmeler zamanasy durmuşyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň sungat, medeniýet ugrunda hem düýpgöter ilerlemegine giň ýollary açdy. Şeýlelikde, Diýarymyzyň zehinli bagşy-sazandalaryna diňe bir öz ilinde däl, dünýäniň dürli ýerlerinde geçirilýän aýdym-saz bäsleşiklerine, toý-dabaralara gatnaşmaga hem giň mümkinçilikler döredi.

Ine, öňräk, has anygy iýul aýynyň başlarynda doganlyk Türkiýe döwletiniň Bursa şäherinde 4-nji sapar “Uluslararasy. Aşyklar ve Şairler şöleni” ady bilen türki halkly döwletleriniň arasynda bagşy-sazandalaryň hem-de aýdyjy ozanlaryň halkara ýaryşy geçirildi. 4 600 000 ilatly Bursa şäheriniň şäher häkimliginiň gurnan bu halkara ýaryşyna Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan, Eýran, Yrak, Siriýa, Germaniýa ýaly 18 döwletden 108 sany bagşy hem ozan gatnaşdy. Ýaryşa gatnaşanlaryň hemmesi ol ülkelerde ýaşaýan türkmen we türk doganlarymyz bolmak bilen türkmen dutary ýa-da baglama, ýagny, gabarasy uly dutar çalyp aýdym aýtmak bilen öz aralarynda bäsleşdiler. Bu hatyraly ýaryşa gatnaşmak bagşy Sadyk Berdiýewe hem miýesser etdi.

Giň döwlet, men diýen bagşy-sazandalaryň üýşen bu ýaryşynda gaty özüňe göwnüň ýetmese, orta çykaýmak aňsat iş däldi. Şonuň üçin Sadyk bu ýaryşa yhlas bilen taýýarlanmaly boldy. Ýaryş güni çykyş etmek nobaty gelende bolsa, biline üstünden asyr geçen tirme guşagyny orap Babagammardyr Aşyk Aýdyň pir yhlasy, Görogly beg hyjuwy bilen kükräp-kükräp, derýa kibi joşa-joşa, deňiz kibi daşa-daşa orta çykdy. Çykybam, Ýunus Emräniň sözlerine “Salam bolsun” we “Gör, yşk meni neýledi?” diýen aýdymlaryny aýtdy.

Ýaryşa ýygnanan mähelle onuň aýdymlaryny rahat oturybilmän, ör turup garşylady. Şonda Türkiýäniň TRT teleýaýlymynyň halk döredijilik bölüminiň başlygy, Gurt Ýakubyň ýolundan aýdym aýdýan eli dutarly türk ýigidi Irfan beý gözi ýaşly mähellä yüzlenip:

- Arkadaşlar, mundan zyýat aýdym bolmaz, bu gözel aýdymlar bäsleşigi tamam kyldy - diýdi.

Adamlar onuň sözüni alyp göterdiler. Şunlukda, bu halkara ýaryşda Sadyk bagşy Baş baýraga mynasyp bolup, 18 döwletiň içinde türkmeniň belent adyny arşa göterdi

Bu halkara bäsleşiginiň ýeňijisi bagşy Sadyk Berdiýew häzirki günlerde “Maryazotönüm” birleşiginde medeni işleri gurnaýjy bolup işleýär.

Sadygyň özi eýýäm halypalyga ýetişen bagşy. Meselem, onuň ýetişdiren şägirdi, Türkmen milli konserwatoriýanyň talyby Merjen Allaberdiýewa Ýolöten etrabynda, Mary welaýatynda ýaş bagşy oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşikleriň ýeňijisi boldular.

8 sany dessany, ençeme söhbetli rowaýatlary ýat bilýän, bir aýdymy iki gaýtalaman birki gün aýdym aýtmany başarýan ýag ýasaw sesli, bokurdagy düwmeli, göwni serçemenli sähra ýaly bagşy Sadyk Berdiýew aýdym-saz äleminiň ak ýolunda çapyp barýan ak ata meňzeýär.

Alyslardaky menziller ony myrada çagyrýar.

Atamyrat Şaguly,

žurnalist