|  
  |  
  |  
Eylül 01, 2014
 
 
 
 
 
 

Dehistan

31 Ağustos 2008, Pazar / ,
Add to Google
Dehistanyň baýrynda, Bady-sabany görsem.MagtymgulyWatanymyzyň taryhy geçmişiniň iň gadymy döwürlerinde gurlup, öz döwründe durmuşyň ylym, medeniýet we beýleki ugurlarynda yzygider ösmek bilen, ýokary derejäni hem-de meşhurlygy gazanan welaýat-şäherleriň biri hem Dehistandyr. Dehistanyň biziň eramyzdan öňki II müňýyllykdan tä biziň eramyzyň XIV-XV-nji asyrlaryna çenli başdan geçiren döwürlerine degişli tapylan köp sanly arhiologiki ýagygärlikler hem onuň öz döwründe ösüp ýeten ýokary derejedäki ylym we medeniýetine güwä geçýär. Munuň bilen bir hatarda Dehistanyň başdan geçiren taryhy döwürleriniň içinde Sul Türkmenleri döwletiniň häkimiýet merkezi hökmünde hyzmat edendigi hem taryhy çeşmelerde bellenip geçilýär.
 

Ýurtlaryň atlary, geografiki ýerleşişi hem-de şol ýurtlaryň ýetişdiren meşhur alym şahsyýetleri baradaky maglumatlary öz içine alýan „Mujemul-Buldan” (Ýurtlar ensiklopediýasy) atly eseriň awtory, tanymal musulman geograf Hamawynyň maglumatyna salgylanyp, „dehistan“ sözüniň parsça „oba“ diýen manyny aňladýan “deh” hem-de „ýer, ýurt” diýen manyny berýän “estan” sözlerinden emele gelen goşma sözdügini aýtmak mümkindir. Parsçada astyn belgileriň arapçadaky ýaly “i” sesi bilen däl-de “e” sesi bilen aýdylýanlygyna salgylanyp, bu ady “dehestan” diýip okamagyň has dogry boljakdygyny nygtamak gerek. Muňa görä „dehistan” sözi “oba ýer, obaçylyk” diýen manyda ulanylandyr.

Ýakub el-Hamewiniň bellemegine görä Dehistan şäheri Taberistanyň iň uly şäherleriniň biridir. Muňa görä Taberistanyň ady belli şäherleri Dehistan, Jürjan (Gürgen), Esterebaz, Amul, Saryýe, Şalus we ş.m. bolupdyr. Kähalatda Jürjanyň Horasandan hasaplanan ýerleri hem bolupdyr. Taberistan Mazenderan diýlip tanalýan ülkelerdendir. El-Hamawy, bu ýerleşigi içine alýan çäkleriň haýsy döwürde Mazenderan diýlip atlandyrlandygyna düşünip bilmändigini, çünki bu ady gadymy kitaplardan tapmandygyny, muny diňe şol ýerde ýaşaýan halkyň dilinden eşidendigini nygtapdyr. Onuň aýtmagyna görä Taberistan bilen „Mazenderan” diýilýan ýer bir bolmaly. Bu ýerler hem Jilan we Dilman bilen çäkdeş bolup, Reý (Tahran), Kumus we deňziň (Hazar deňzi) aralygynda ýerleşipdir. Bu ýerleriň etraplaryna aýlanan we daglaryny gezen el-Hamawy Taberistanyň köp suwly, gür agaçly we bol miweli bir ýerdigini belläp geçipdir.

El-Hamawy Taberistanyň ady bilen baglanyşykly hekaýany hem şeýle gürrüň berýär: “Pars akyldarlary rowaýat edip şeýle diýdiler: “Käbir kisralaryň (Eýran patyşalaryna berilýän at) ordasynda jezalandyrylmaly adamlaryň sany ep-eslä ýetipdi. Kisra bu babatda öz wezirleri bilen maslahatlaşyp, olaryň sanlary barada maglumat sorapdyr. Wezirler hem olaryň köp kişiden ybaratdygyny habar beripdirler. Şonda kisra wezirlerine olary tussag etmek üçin bir ýer tapmaklaryny buýrupdyr. Olar hem bir boş ýer tapmak üçin ýurtlary aýlanyp, ahyrynda Taberistanyň daglarynyň içine düşüpdirler. Soňra-da bu ýer barada patyşa habar beripdirler. Şonda patyşa wezirlerine ýaňky jenaýatkärleri şol ýerik alyp gitmeklerini we tussag etmeklerini buýrupdyr. Şol döwürde ady agzalan ýer dagdan ybarat bolup, oturymly ýeri ýokdur. Bir ýyl geçensoň patyşa ýaňkylardan habar soramak maksady bilen olaryň ýanyna habarçylaryny iberipdir. Habarçylar olaryň ýanlaryna baryp görseler, olar henizem diri, emma kyn ýagdaýda bolýarlar. Ýaşaýan daglary bolsa, gür agaçly tokaýlyk bolýar. Şonda habarçylar olaryň näme islegleriniň bardygyny sorapdyrlar. Olar hem: “Tabarha (palta)” diýip aýdypdyrlar. Olaryň maksady agaçlary çapyp, öý gurunmak üçin palta mätäçdiklerini bildirmek eken. Bu habar Kisra ýetirilende, ol islegleriniň berjaý edilmegini talap edipdir we olara palta eltilip berlipdir. Soňra kisra olara indiki ýyla çenli möhlet beripdir. Bir ýyl geçensoň, olary ýene barlap görmekligi buýrupdyr. Iberlen adamlar baryp görseler, olar özlerine öýler edinen ekenler. Şonda olara ýene-de näme islegleriniň bardygy soralypdyr. Olar bolsa, bu gezek: “Zenan” diýip jogap beripdirler. Bularyň islegleri patyşa ýetirilipdir. Patyşa olara tussaglykdaky zenanlardan eltip berilmegini buýrupdyr. Buýruk berjaý edilipdir. Şondan soň olar nesil öndürip başlapdyrlar. Bu wakadan soň, ol ýeriň adyna “tabarzenan” diýlipdir. Bu söz bolsa, soňraky döwürlerde arapçalaşdyrylyp, “taberistan” diýlip aýdylypdyr.

„Taberistan” adynyň gelip çykyşy hakdaky ýerli halkdan eşidilen rowaýat ynha, şular ýaly. Meniň pikirimçe-de bu bir hakykat bolmaly. Sebäbi bu dag halkynda gören zatlarym munuň dogrudygyna şaýatlyk edýär. Olar köp söweş eden we ýaraglary iň köp bolan halkdyr. Olaryň bar ýaragy palta bolupdyr. Uly-kiçi, baý-garyp ählisiniň elinde hökman palta bolupdyr. Olarda palta köp bolany üçin ol ýer „Taberistan” diýlip atlandyrylana meňzeýär. Taberistan sözüniň arapçalaşdyrylmadyk görnüşde alanyňdaky manysy hem “paltalar ýurdy” diýmekdir”.

Taberistanyň çäkleri: Taberistanyň iň başy Amuldyr soňra Mamutyr. Bu ikisiniň arasy alty farsahdyr (1 farsah takmynan 5 kilometre deňdir). Soňra Weýme gelýär. Weýme bilen Mamutyryň arasy hem alty farsahdyr. Soňra Sariýe, ondan soňra bolsa Tamis gelýär. Bu ikisiniň arasy on alty farsahdyr. Taberistan bilen Jürjanyň soňky çägi bu ýerdir. Beýleki tarapdan Deýlem bilen Amulyň arasy bäş farsahdyr. Natil we Şalus diýlip atlandyrylýan şäherler bolsa, kiçi dagly düzlük ýerde ýerleşipdirler. Daglyk şäherlere bolsa, Elkelar, Sagydabaz we Erruýan girýär. Erruýan daglyk ülkeleriň iň ulusydyr. Horasan tarapdaky çäklerde Temar, Şerez we Dehistan ýerleşýär.

Taryhy çeşmeler Dehistanyň oturymly halkynyň türkmenler bolandygyny we patyşalaryna-da „Sul” diýlendigini belläp geçipdirler. Bu çeşmelerden biri musulman alym Abu Reýhan al-Birunynyň „Asarul-Bakiýe” (Baky ýadygärlikler) hem-de “es-Saydene fi’t-Týbb” (Farmakologiýa) atly eserleridir. Ol bu eserlerinde “Dehistan patyşalaryna, Sul diýilýärdi (s.94). Sul – Jurjan hökümdarlaryna berlen atdyr. Asly türki bolan Sul öz dogany Firuz bilen birlikde Jurjanyñ hökümdarydylar. Şondan soňra araplar Jurjan hökümdarlaryna „Sul” diýdiler” diýip nygtapdyr. Alymyň bu sözlerinden Dehistanyň syýasy hem-de strategiki taýdan Jurjan bilen içgin baglanyşykly bolandygyny aňlamak kyn däldir. Taryh alymlary Jürjanyň bu ady öz gurujysy, ýagny binagäri Jurjan bin Lawuz bin Sam bin Nuhdan alyp gaýdýandygyny belläpdir. Bu bolsa Jurjan şäheriniň (adamzadyň ikinji atasy hasaplanylýan) Nuh pygamberiň agtykdyr çowluklary tarapyndan gurlan örän gadymy ýurt we şäher bolandygyna güwä geçýär.

Jurjan şäheri hezreti Omaryň halyflygy döwründe musulman ýurtlaryň arasyna goşulýar. Goşunbaşy Nugman bin Mukrin öldürilenden soň, dogany Suweýd bin Mukrin onuň ýerine bellenýär. Suweýd başda Reý şäherini, soň Kumusy, ondan soň hem Jurjany ýeke-ýekeden musulman ýurtlaryň hataryna goşýar. Başda Suweýd Bistamda goşun tutup, Jurjanyň patyşasy Ruzban Sula hat iberýär, soňra-da şähere tarap ýola düşýär. Ruzban Sul bu hata paç (jizýe) bermek we Jurjanyň harby goşunynyň olaryň gerek-ýaraklaryny üpjün edip, ýeňilen halatlarynda-da kömek bermek şertleri esasynda ylalaşyga çagyrýan bir hat bilen jogap berýär. Ruzban Suluň bu islegleri kabul edilýär. Şeýlelikde Jurjanyň hökümdary Ruzban, Suwaýd bilen birlikde şähere girip, tä oňa paçlar gowşurylýança ýanynda bolupdyr.

Şonuñ ýaly hem VIII asyryň başlarynda Dehistan Türklerini Sul Tigin, Jurjany bolsa Firuz ibn Kul edara edipdir. Ibn Hallikan bu iki hökümdaryň dogan bolandygy we Mejusi dinine baglydygy hakynda habar berýändir. Ýene bir taryhçy Makdisi „al-Bed wet-Taryh (Başlangyç we taryh)” atly eserinde Dehistan hakynda söz açýandyr (IV/91). Bu taryhy maglumatdan beýan tapyşy ýaly, Dehistan türkmen taýpalaryndan Sul türkmenlerindendir.

Tarebiniñ habarlaryna görä, musulmanlaryň Horasan ýerindäki Dehistan we Jurjanda Sul Türkleri bilen garşylaşmaklaryna mümkinçilik bermek, 639-njy ýylda musulman goşunlarynyň başy Suwaýd ibn Mukarrin paç bermek we Dehistana demirgazykdan giriş ýollaryny goramak şerti bilen Sul hany bilen şertnama baglaşypdyr. Türkler bilen musulman araplar arasyndaky bu ilkinji şertnamanyň esasyna görä, Sul ýurduna bir çozuş bolaýsa, musulman araplar türkmenlere kömek etmelidi.

Muňa garamazdan, soň musulmanlar bilen „Dehistan“ şertnamasy uzak wagt dowam etmändir. Hakykatdan hem bu oňaýsyz ýagdaý Kuteýbeden soň hem dowam edipdir. Onuň ýerine Horasan häkimi bolan Ýezid ibn Muhalleb 716-njy ýylda täzeden çozuşa geçip, şertnamanyň esaslaryna göz ýummak bilen on dört müň türkmeniň öldürilmegine sebäp bolandygy barada taryhy çeşmelerde aýdylypdyr.

Bu gün Dehistan Etrek derýasynyň aşak akymlaryny öz içine alýan sebitde, ýagny Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Madaw obasynyň 22 kilometr demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. Bu ýer geçmişde gadymy welaýat we onuň adybir merkez şäheri bolan Dehistanyň ýerleşen ýeridir. Bu sebitlerde gadymy ekerançylyk ýerleri 400 müň gektara ýakyn meýdany tutupdyr.

Orta asyr Dehistanynyň iň möhüm we ähmiýetli bölegi şähristan hem-de rabat bolup, olaryň tutýan meýdany 200 gektar çemesidir. Dehistan şäheri Köneürgenç türkmenleriniň hökmürowanlygy döwründe has gülläp ösüpdir. Şäherde rabatlar, mesjit-medreseler, minaralar, medeni jaýlar, kitaphanalar, derwüşhana, myhmanhana, dürli senetçilik ussahanalary gurlupdyr. Şäheriň daşynda kerwensaraýlar, mal saraýlar we başga-da birnäçe önümçilik ymaratlary we beýleki desgalar ýerleşipdir.

Türkmen halkynyň gadymyýetden gelýän oturymly ýerlerinden biri hem Dehistan welaýaty-şäheridir. Orta asyrlar Dehistanyň iň gülläp ösen döwri bolupdyr. Bu welaýat-şäheriň türkmenleriň mesgen-mekany bolandygyna şek-şübhe ýokdur.

Ýakut Hamawy „Mujemul-Buldan (Ýurtlar sözlügi)” eserinde, orta asyrda Dehistan şäherini guranyň, Horasanda „şäherleriň gurujysy“ ady bilen taryhy çeşmelerde agzalan Abdullah ibn Tahyr bolandygyny beýän edipdir. Ýakut Hamawy: “Dihistan Horezm we Jurjan ýakynlarynda, Maranderan taraplarda meşhur ýerdir. Mehdi halyflygynda Abdullah ibn Tahyr tarapyndan guruldy” diýip belläpdir. Şonuň ýaly-da, Abdullah ibn Tahyr Horasanda diňe şäherleşmä, medeniýetleşmä üns bermek bilen çäklenmän, eýsem ol dürli ugurlara, aýratynam ylma uly üns beripdir. Şonuň üçinem Dehistanda orta asyrlarda ylmy merkez bolupdyr. Bu ýerde dürli ugurlarda we pudaklarda ylym adamlary ýetişipdir. Taryhy maglumatlar bu merkeziň orta asyrlarda ylymda dünýä ýol gerkezen ýer bolandygyna güwä geçýär. Hakykatdan-da Katip Çelebi „Keşfun-Zunun” atly eserinde Dehistanly Şeýh Abu Sayd al-Dehistanyň “Tefsürul-Fatiha” atly ylmy işiniň bolandygy hakda söz açypdyr.

Dehistan merkezi Aziýada iň gözel medeniýetli şäherleriň biri bolupdyr. Dehistan şäheriniň özboluşly medeniýetiniň bolandygy taryhy çeşmelerde aýratyn bellenýär. Şol döwrüň ýagdaýyna garanyňda ägirt uly binagärçilikleriň bolandygynyň şaýadydyr. Şeýle-de türkmen halkynda sungat taryhyň irki döwürlerinden başlapdyr diýmek bolar. Gadymy türkmen topraklarynda ýerleşýän şäherleriň galyndylarynda hojalyk hünärmentçilik, senetgärçilik sungatyny görmek mümkindir. Arap edebiýatlarynda „Nisa” diýip agzalýan gadymyýetiň merkezi Nusaý, ýüpek ýolunyñ esasy merkezi hasaplanan we matalary bilen meşhur bolan Merw, Amyderýanyň aşaky akymynda ýerleşýän taryhy welaýat we gadymy döwlet bolan Köneürgenç, orta asyrda ylym we medeniýetiñ ösen şäheri Dehistanda binagärçilik, hojalyk hünärmentçilik, senetgärçilik, zergärçilik, küýzegärçilik senedi ýaly sungatlaryň giňden ýaýrandygyny mysal getirmek bolar. Muňa mysal, orta asyr Dehistanyň iň beýik ýadygärliklerinden biri Juma Mesjidini görkezmek mümkindir. Ýakut Hamawy „Mujemul-Buldan (Ýurtlar sözlügi)” eserinde “Abul-Fazl al-Abbas ibn Ahmed ibn al-Fazl az-Zahid we ol Dehistandaky Mesjit Atikiň ymamydy” diýip belleýär. Şol maglumaty Jurjany „Taryhu Jurjan” atly eserinde nygtapdyr. Gadymy mesjit diýen manyny berýän “Mesjit Atikden” söz açýar. Şonuň Dehistandaky Juma Mesjidi bolandygyny aýtmak mümkindir. Dehistanyň uly şäher bolandygy bize galan binagärçilik ýagygärlikleri habar berýär.

Elbetde, bu täzelikleriñ ählisi uly ilatly merkezlerde, şäherlerde kemala gelýär. Şeýle merkezlerden biri hem ösen şäher Dehistandyr. Şonuň ýaly hem Dehistan uly bir welaýatdyr. Bu welaýat öz içinde birnäçe ösen obalardan ybaratdyr. Muny taryhy çeşmelerde görmek mümkindir. Çünki obalary uly alymlaryň doglan mekanlary bolupdyr. Hakykatdan hem Ýakut Hamawy „Mujemul-Buldan (Ýurtlar sözlügi)” eserinde “Ahuru… Dehistan töwereginde, Jurjan we Horezm arasynda şäher şekilli obadyr. Oňa ylym ählinden jemagat baglydyr. Olardan Abul-Fazl al-Abbas ibn Ahmed ibn al-Fazl az-Zahid we ol Dehistandaky Mesjit Atikiň ymamydy, Abu Sad Tahbirde aýdyşy ýaly, Abul-Fazl Hazime ibn Aly ibn Abdurahman al-Ahury al-Dehistany we ol üstün fakih, mutezile, edebiýatçy, dilçi, ….” diýip belläpdir. “Hebrasan”, “Hebezetan”, “Harrateýr” Dehistan obalaryndandyr diýip bellän Ýakut Hamawy „Mujemul-Buldan (Ýurtlar sözlügi)” eserinde, “Fergul Dehistan obalaryndadyr. Onda Omar ibn Muhammed ibn al-Hasan ibn Aly ibn Ibrahim al-Ferguny al-Dehistany al-Jurjany edebiýatçy Abu Hafs Dehistanda doguldy. Bir müddet Jurjanda ýetişdi. Bir müddet Nişapurda ýaşady. Soň Merwe göçüp, ömrüniň ahyryna çenli şo taýda ýaşady. Ol ökde edebiýatçy, kelamçy (teolog), dil we sentaks alym...” diýip nygtapdyr.

Ýokardaky orta asyr çeşmelerinde bellenen maglumatlardan çen tutsak, orta asyrda Dehistan ylmyň, medeniýetiň, senagat önümçiliginiň merkezi bolandygyny aýtmak mümkindir.

Tahyr Aşyrow,

Filosofiýa ylymlarynyň doktory.