Kanada futboly barada bellenilip geçilende ýurduň futbol federasiýasy 1912-nji ýylda döredilip, bir ýyl soň hem FIFA agza bolýar. Ençeme gezek Dünýä çempionatyna gatnaşmaga golaýlaşmagyna garamazdan olara diňe taryhlarynda ýekeje gezek bu uly çärede çykyş etmek miýesser edipdir. 1986-njy ýylda Meksikada geçirilen Dünýä çempionatyna gatnaşan kanadalylar bu ýerde şowly netijeler gazanyp bilmediler. Olaryň taryhdaky iň uly başarnygy 1985-nji ýylda hem-de 2000-nji ýylda Demirgazyk Amerika döwletleriniň arasynda geçirilýän „Altyn kubokda“ (Gold Cup) ýeňiji bolmaklary bolup durýar. Häzirki wagtda ýurduň milli ýygyndy toparyna kanadaly Hart Stefen tälim berýär. Kanadanyň soňky ýyllarda kemala getiren esasy ýyldyzlarynyň biri Tomas Radzinskidir. „Anderleht“, „Ewerton“, „Fulham“ ýaly Ýewropa klublarynyň köýnekçesini geýen Radzinski milli ýygyndynyň hatarynda 46 duşuşyk geçirdi.
83 ýyllyk taryhy bolan Kanada ligasynda çykyş eýän toparlar barada kelam agyz aýdylanda haýsy toparyň ýurtdaky göçegçilere degişlidigini aňmak bolýar. Sebäbi her millet toparynyň adyny öz milleti ýa-da ýurdunyň ady bilen baglanyşdyrypdyr. “Serbian White Eagles” serbleriň topary bolup, serbiýaly ak bürgütler diýen manyny aňladýar. Italýanlaryň topary “Italia Shooters”, “Toronto Croatia” horwatlaryň, „Portugal FC“ (öňki ady “Portuguese Supra”) bolsa bu ýerde ýaşaýan portugallaryň klubudyr.
Kanadanyň çempionaty 2 diwiziona bölünip, olar “International” (halkara) hem-de “National” (milli) diwizion diýlip atlandyrylýar. Halkara diwizionda ýokarda sanan toparlarymyz bäsleşýär. Milli diwizionda bolsa „Brampton Lions“ (öňki ady - „Canadian Lions”) (“Kanada şirleri”), “St. Catharines Wolves”, “Trois-Rivieres Attak”, “North York Astros”, “London City” hem-de „TFC Academy” klublary çempionlyk ugrunda özara göreşýär. Toparlar 2 diwizionda çykyş edýänem bolsalar bir-birleri bilen özara duşuşýarlar.
Kanadanyň çempionaty maý aýynda bat alýar we sentýabryň aýagyna adaty möwsüm tamamlanýar. Oktýabr aýynda bolsa her toparçany 1-nji tamamlanlar „utulan-çykdy“ (play-off) oýnundan soň çempiony kesgitleýär. Şeýle-de şol döwürde toparlar Kanadanyň kubogy ugrunda-da bäsleşýär we oňa ýurtda ähli toparlaryň gatnaşmaga doly ygtyýary bar. Şu ýerde ýene bir bellemeli zatlaryň biri-de adaty möwsümi 1-nji bolup tamamlabam, „play-off“ oýnundan soň çempionlygy garşydaşyňa aldyryp bolýar. Şeýle wakalaryň birine geçen ýyl duş gelindi. Adaty möwsümi 1-nji tamamlan “Trois-Rivieres Attak“ play-off oýnundan soň çempionlygy serbiýaly göçegçilere aldyrdy.
Kanadanyň çempionaty 1926-1992-nji ýyllarda Milli futbol ligasy (NSL), 1993-1997-nji ýyllarda Kanadanyň milli futbol ligasy (CNSL), 1998-nji ýyldan 2005-nji ýyla çenli Kanadanyň professional futbol ligasy (CPSL) diýlip atlandyryldy. 2006-njy ýyldan bäri bolsa Kanadanyň futbol ligasy (CSL) diýlip atlandyrylýar.
Kanadanyň futbol ligasynda çykyş edýän toparlaryň aglabasy Ontario welaýatyna degişli bolup durýar. Şeýle-de „Mississauga Eagles P.S.C”, “Durham Storm” (öňki ady „Toronto Olympians”), “Durham Flames”, “Ottawa Wizards”, “Hamilton Thunder”, “Windsor Border Stars”, “Caribbean Selects” ýaly toparlaram belli wagtlarda ligada çykyş etdiler. Bu klublar häzirki wagtda dürli sebäplere görä çykyş etmeýärler. Hatda köpüsi ýapyldy. Galyberse-de gelejekde has takygy şu möwsümde 2 sany toparyň liganyň düzümine goşulmagyna garaşylýar. Ýurtdaky afrikalylaryň “African Icons” (Toronto) topary bilen bir hatarda Monreal şäheriniň “FC Quebec” kluby Kanadanyň çempionatynda çykyş eder.
Toparlaryň ýygy-ýygydan atlaryny üýtgedýändigini görmek bolýar. Häzirki wagtda çykyş edýän toparlaryň hemmesi diýen ýaly döredilendäki adyny ulanmaýar. Mysal üçin italýanlaryň „Italia Shooters“ topary 2005-nji ýyla çenli „Glen Shields“ (1998), „Glen Shields Sun Devils“ (1999-2001), „Vaughan Sun Devils“ (2002-03), „Vaughan Shooters“ (2005) diýen atlar bilen ligada çykyş etdi. Şonuň ýaly-da häzirki „Brampton Lions“ kluby „Metro Lions“ (2002-2004), „Oakville Blue Devils“ (2004-2006), „Canadian Lions“ (2007) diýlip atlandyryldy.
Ýurtda ýaşaýan daşary ýurtly raýatlar Kanadanyň ligasyny kiçi Dünýä çempionatyna meňzedýärler. Kanadada ýaşaýan serbler, horwatlar, italýanlar hem-de portugallar öz toparlarynyň duşuşyklaryna tribunada yzygiderli tomaşa edýärler. Duşuşyklarda tribunalarda toparyň baýdaklary bilen bir hatarda ýokarda ady agzalan ýurtlaryň baýdaklaryny-da görmek bolýar. Kanadalylar bolsa futbola ösen döwletleriň wekilleri bilen bäsleşip, öz futbollaryny hasam kämilleşdirýärler.
Kanadada gyş pasly has sowuk bolansoň, şol döwürde bu ýurtda futzal (üsti ýapyk meýdançada oýnalýan futbol) möwsümi başlaýar. Hokkeýden (buz) soň bu ýurtdaky iň eý görülýän sportlaryň biri futzaldyr. Futzal boýunça ýurtda çempionat hem geçirilýär. Adaty möwsümdäki toparlar adyny hem üýtgetmän futzal boýunça geçirilýän ligada-da çykyş edýärler.
Kanadanyň çempionatynda çykyş edýän toparlaryň şäherleri we döredilen ýyllary:
Milli diwizion: “London Siti” (London) – 1973, “North Ýork Astors” (Toronto) – 1990, “St. Catharines Wolves” (St. Catharines) – 1977, “Windsor Border Stars” (Windsor) - 2004, “Trois-Rivieres Attak” (Trois-Rivýeres) – 2006, „Brampton Lions“ (Brampton) – 2002, „TFC Academy” (Toronto) – 2008
Halkara diwizion: “Italia Shooters” (Maple) – 1998, “Portugal FC” (Toronto) – 2001, “Serbian White Eagles” (Etobikoke) – 1968, “Toronto Croatia” (Toronto) – 1956.